Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «akylly» tehnologiýalar has içgin özleşdirilýär: türkmen talyplary robotlary döredýärler

16:1727.10.2020
0
2859

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde professor-mugallymlar we talyp ýaşlar sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberfiziki ulgamlar, «akylly» tehnologiýalara esaslanýan enjamlar, robot tehnikasy, kiberhowpsuzlyk we maglumatlary goramak üçin dürli kompýuter programmalaryny döretmek bilen meşgullanýarlar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Häzirki wagtda elektron resminama dolanyşygy, el telefonlaryndan we ses arkaly elektron enjamlary we robotlary dolandyrmak, elektron kitaphana, elektron sözlükler, dürli animasiýalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýän programmalar, şeýle-de aralykdan okatmagyň tehnologiýalary doly taýýar edildi.

Türkmenistanda elektron senagatyny ösdürmek maksady bilen, uniwersitetde bu ugurda ýokary derejeli, bäsleşige ukyply hünärmenleri we ýolbaşçylary taýýarlamak; ýurdumyzda adam gorlaryny we bilimleriň ykdysadyýetini kämilleşdirmek; elektron senagaty üçin zerur bolan materiallaryň tehnologiýasyny işläp taýýarlamak we önümçilige ornaşdyrmak; elektron enjamlary taýýar böleklerden ýygnamak; elektron enjamlary üçin programmalary taýýarlamak; elektron senagaty üçin dizaýn merkezlerini döretmek; ýerli şertlerden ugur alyp, elektron senagaty boýunça ýokarda agzalan edara-kärhanalaryň amatly görnüşini kesgitlemek we ykdysady taýdan esaslandyrmak; dünýäniň elektron senagaty boýunça iri kompaniýalary bilen şertnamalaýyn esasda köpçülikleýin önümi öndürmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek; elektron önümleriň köp energiýany talap edýän we köp wagtyň dowamynda ulanmaga mümkinçilik berýän (haýal könelýän) böleklerini öndürmek, talaba görä yzygiderli özgermäge, täzelenmäge ukyply kärhanalaryň taslamasyny işläp taýýarlamak, ýerli çig mala esaslanýan önümçiligi ýola goýmak ýaly işler alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň