Täze restoryny açmak boýunça Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Işanguly Amanlyýew Keçioren etrabynyň (Ankara sebiti) häkiminiň orunbasary Sabiha Akdemir we medeniýet, jemgyýetçilik meseleleri boýunça müdir Buket Paçker boýunça geçirilen söhbetdeşiligň dowamynda ylalaşdylar. Bu barada Keçioren häkimliginiň web sahypasynda habar berilýär.
Netijeli söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeň ösdürmek boýunça pikir alşyldy. Türk tarapy Keçioren sebitinde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň adyny göterýän iki seýilgähiň döredilendigini aýtdy bu ugurdaky işleri ýokary derejede ýola goýmakda Türkmenistanyň ilçihanasy bilen ýakyn gatnaşyklary dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Taraplar söhbetdeşligiň dowamynda Estergon türk medeni merkezinde türkmen aşhanasynyň restoranynyň açyljakdygy barada ylalaşdylar.