Futbol, Türkmenistanyň Kubogy ― 2020: çärýek finala badalga berilýär

19:4126.10.2020
0
4716

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Eminler bölümi 27-nji hem-de 28-nji oktýabrda geçirilýän ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky bäsleşiginiň ¼ finalynyň birinji oýunlarynyň eminlerini belli etdi ― diýip, federasiýanyň resmi saýty habar berýär.

Bu gezekki Kubok bäsleşigine Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň 8-siniň (“Altyn Asyr”, “Ahal”, “Aşgabat”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Merw”, “Energetik”, “Köpetdag”) gatnaşýandygyny ýatladýarys.

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýekfinalynyň birinji duşuşyklary 27-28-nji oktýabrda, jogap oýunlary bolsa 6-7-nji noýabrda geçiriler.

Kubok ugrundaky bäsleşigiň ýarym final duşuşyklary 28-nji noýabrda hem-de 2-nji dekabrda oýnalar. Final oýny bolsa 7-nji dekabrda geçiriler.

 

Türkmenistanyň Kubogynyň ¼ finalyň birinji duşuşyklary:

27.10.2020 ý. (sişenbe)

 “Ahal” – “Aşgabat”

Geçirilýän ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 16:00

Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

 

 “Köpetdag” – “Merw”

Geçirilýän ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 17:00

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat  ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

 

28.10.2020 ý. (çarşenbe)

 “Şagadam” – “Nebitçi”

Geçirilýän ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Başlanýan wagty: 16:00

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), A.Begnazarow (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

 

“Altyn Asyr” – “Energetik”

Geçirilýän ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 16:00

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň