Soňky habarlar

Arhiw

Şu ýyl Türkmenistan - Russiýa söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçip biler

16:0326.10.2020
0
632

2020-nji ýylyň ahyryna çenli Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçip biler. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Rudenko habar berdi. Bu habary "RIA Nowosti" neşirine salgylanyp, TM Cars berýär.

“2019-njy ýylda ikitaraplaýyn söwdanyň mukdary, takmynan, 700 million amerikan dollaryna barabar bolup, 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 69% ýokarlandy. Şu ýyl bu mukdar iki esse artyp biler"-diýip, Rudenko çarşenbe güni Döwlet dumasynyň umumy ýygnagynda aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň