Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti skandinaw ýörişi bilen meşgullandy we atly gezelenç etdi

15:5826.10.2020
0
1028

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dynç günleri bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly adaty endigine eýerdi hem-de atçylyk toplumyna baryp, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy.

Ir säher bilen döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenç etdi. Milli Liderimiz welosipedli gezelenjini dowam edip, daş-töweregiň tokaý zolaklary bilen sazlaşykly utgaşyp gidýän gözelligini, tebigy aýratynlyklaryny synlady.

Soňra hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda sagaldyş maşklarynyň häzirki zaman görnüşi hökmünde dünýäniň köp ýurtlarynda uly meşhurlyga eýe bolan skandinaw ýörişi bilen meşgullandy. Sportuň bu görnüşi adamyň beden agzalaryny, aýaklarynyň we elleriniň bogunlaryny berkidýär, ýürek-damar we dem alyş ulgamlarynyň işjeňligini artdyrýar.

Milli Liderimiz ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýar hem-de halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewler bilen didarlaşmaga hemişe wagt tapýar.

Düýn döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Hanbeg atly bedew bilen didarlaşdy. Hormatly Prezidentimiz milli seýisçilik däplerine laýyklykda bedewe ideg etdi hem-de onuň bilen birsellem gezelenç etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň