Emeli hemralarynyň sany 900-e golaýlady

12:1226.10.2020
0
819

Ilon Maskyň ýolbaşçylyk edýän “Starlink” taslamasynyň çäklerinde 60 sany emeli hemra uçuryldy. Taslamanyň çäklerindäki 15-nji uçuşyň amala aşyrylmagy bilen global internet toruny üpjün etmek üçin niýetlenen hemralaryň sany 900-e golaýlady. Taslamanyň çäklerinde global derejede internet hyzmatyny hödürlejek toruň gurulmagy maksat edinilýär. Emeli hemralary kosmosa çykaran “Falcon 9” raketasynyň birinji bölegi bolsa, yzyna gaýdyp geldi. Ozal iki gezek ulanylan raketa deňizdäki ýörite gämi arkaly tutulyp alyndy. Ilon Mask raketalary gaýtadan ulanmak arkaly olaryň bahalaryny arzanlatmagy maksat edinýär. Işewüriň bu maksady häzirki wagtda şowly netije berýär.

Şeýle hem bu emeli hemralar arkaly ilkinji internet hyzmatynyň geljek ýyl hödürlenip başlanjakdygy mälim edildi. Ilkinji nobatda, Tehasyň käbir ýaşaýjylary bu hyzmatdan peýdalanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň