Soňky habarlar

Arhiw

“Aýaks” garşydaşyny 13-0 hasabynda ýeňdi

12:1026.10.2020
0
811

Niderlandlaryň çempionaty “Eredivise”-niň 6-njy tapgyrynda taryhy duşuşyk oýnaldy. Sanawyň lideri “Aýaks” myhmançylykda “Wenlo” toparyny 13-0 hasabynda utdy. Bu ýeňiş çempionatyň taryhynda iň uly hasaply ýeňiş hökmünde hasaba alyndy. Ozalky rekord hem “Aýaksa” degişli bolup, amsterdamlylar 1972-nji ýylda “Witesseden” 12-ň üstün çykypdy. Şenbe günki oýnalan oýunda Aýaksyň 13 golunyň 5-sini topary 19 ýaşyndaky Burkino fasoly hüjümçisi Lassina Traore öz adyna ýazdyrdy. 3 goluň pasyny hem beren Traore 17-nji, 32-nji, 54-nji, 65-nji hem-de 87-nji minutlarda tapawutlandy. Duuşuşygyň beýleki gollaryny Ekkelenkamp (13, 57), Tadiç (44), Entoni (55), Blind (59), Huntelaar (74 p, 76) hem-de Martinez (78)  derwezä girizdi. Derwezä urlan gollaryň 4-si 54-nji – 59-njy minutlaryň aralygynda 3-si bolsa 74-78-nji minutlaryň aralygynda geçirildi. Şeýle-de ýer eýeleriniň oýunçysy Kristian Kumuň 56-njy minutda gyzyl kart alandygyny hem belläliň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň