Soňky habarlar

Arhiw

Aýda 565,9 metr ýol geçdi

11:5626.10.2020
0
802

Geçen ýylyň başynda Hytaýyň Aýa iberen kosmos gämisi “Chang'e-4” häzire çenli 565,9 metr ýol geçipdir. Enjamyň Ýeriň hemrasyna gondurylanyna 600 gün boldy. Adamyň Aýa aýak basanyna 50 ýyldan gowrak wagt geçen hem bolsa, onuň bize görünmeýän garaňky tarapy häzirki wagtda hem syr bolmagynda galýar. “Chang'e-4” Aýyň garaňky tarapyna gondyrylan ilkinji enjam bolupdy. Enjam arkaly asman jisimi barada maglumat toplanýar. Şeýle hem “Chang'e-4”-niň 23-nji Aý gününiň ahyrynda “ukladylandygy” mälim edildi. “Chang'e-4” bilen sazlaşykly işleýän “Yutu-2” hem ukladyldy. Ýeriň hemrasynda bir Aý güni, Ýerdäki 14 güne gabat gelýär. Aý gijesiniň wagty bolsa, Ýerdäki bilen deň. Gün energiýasy bilen işleýän “Chang'e-4” energiýa toplamak we tygşytlamak üçin mahal-mahal wagtlaýyn öçürilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň