Soňky habarlar

Arhiw

Mejlis Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin býujetini tassyklady

23:3524.10.2020
0
9806

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on ikinji maslahatynda “Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasyna, şeýle hem “Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” kararyň taslamasyna garaldy. Şol taslamalar milli parlamentiň ähli komitetlerinde, şeýle hem aýry-aýry pudaklarda – ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda deslapdan ara alnyp maslahatlaşyldy.

2021-nji ýyl Döwlet býujetiniň taslamasynda pul serişdeleriniň 70 göterimden gowragy durmuş ulgamyny ösdürmäge, hususan-da, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, döwlet durmuş üpjünçilik ulgamlaryny, ýaşaýyş-jemagat hojalygyny, umumy häsiýetli döwlet hyzmatlaryny ösdürmäge gönükdiriler.

Geljek ýyl maýa goýumlarynyň belli bir möçberini ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, möçberi on göterim ýokarlandyryljak aýlyk iş haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary 2021-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalary bolup durýar.

Habar berlişi ýaly, 2021-nji ýyl telekeçiligi, kiçi we orta işewürligi goldamak, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak, içerki bazarda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça çäreler meýilleşdirildi.

Şolar bilen birlikde, döwlet eýeçiligindäki desgalary we kärhanalary hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň paýyny artdyrmak boýunça işler dowam etdiriler.

Şeýle hem işiň esasy ugurlarynyň hatarynda salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, döwlet we milli maksatnamalarynyň çäklerinde bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemek, bazar gurallaryny özgertmegi dowam etmek wezipeleri bar.

“Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasyny kabul etmek barada biragyzdan ses beren deputatlaryň gelen netijesine görä, bu resminama sowatly hasaplama esaslanyp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwletiň we jemgyýetiň serişdeler kuwwaty bilen berkidildi hem-de halkymyzyň bähbidine hyzmat edip, onuň abadançylygyny berkider.

Şeýle hem “Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Mejlisiň karary biragyzdan kabul edildi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň