Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020, 21-nji tapgyr: «Ahal» «Aşgabady» bir pökgi tapawudy bilen ýeňdi

17:5724.10.2020
0
5258

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 21-nji tapgyrynda paýtagtdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahal» «Aşgabatdan» üstün çykdy.

Birinji ýarymynda derwezelere pökgi geçirilmedik duşuşygyň ikinji ýarymynda janköýerler üç pökginiň geçirilişine şaýat boldular. Guwanç Abylowyň we Pirmyrat Sultanowyň geçiren pökgülerine  «Aşgabat» 77-nji minutda Nazar Towakelowyň dürs urgusy bilen jogap beren hem bolsa, hasaby deňlemek başartmady. Duşuşyk 2:1 hasabynda «Ahalyň» ýeňşi bilen tamamlandy.

Bu ýeňişden soňra utugyny 43-e çykaran «Ahal» ikinji orundaky ýerini goraýar. «Aşgabat» bolsa 20 utuk bilen bäşinji orunda galdy.

“Aşgabat” – “Ahal” – 1:2

Gollar: 77 Nazar Towakelow (“Aşgabat”) – 58 Guwanç Abylow, 67 Pirmyrat Sultanow (“Ahal”)

Duýduryşlar: 8 Serdar Annaorazow, 39 Pirmyrat Sultanow, 60 Murat Ýakşiýew (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň