Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020, 21-nji tapgyr: «Şagadam» «Energetigi» jogapsyz pökgüleriň dördüsi bilen ýeňdi

17:3924.10.2020
0
4086

«Şagadam» Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň duşuşygynda myhmançylykda çykyş edýändigine garamazdan ýer eýesi «Energetigi» uly hasap bilen ýeňdi. Duşuşyk 4:0 hasabynda Türkmenbaşy şäheriniň toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Bu ýeňişden soňra ýaryş tertibiniň üçünji basgançagyndaky «Şagadam» utugyny 34-e çykardy. «Energetik» bolsa 9 utuk bilen ýaryş tertibini jemleýär.

“Energetik” – “Şagadam” – 0:4

Gollar: 16 Hemra Amanmämmedow, 26 Yhlas Magtymow, 41 Ýewgeniý Tkaçenko, 62 Musa Nurnazarow.

Geçirilýän ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň