Soňky habarlar

Arhiw

Alekseý Ýasenko ACA-nyň çempionlyk derejesiniň eýesiz galandygyny aýtdy

16:5224.10.2020
0
5635

«Absolute Championship Akhmatyň» ýolbaşçysy Alekseý Ýasenko ACA-nyň ýeňil agramdaky çempionlyk derejesiniň eýesiz galandygyny aýtdy. Onuň sözleri «Sport Ekspress» neşirinde getirilýär.

― Türkmenistanly pälwan, häzirki çempion Döwletjan Ýagşymradowyň häzirki şertnamasy tamamlandy. Şertnama görä, onuň öňde bir duşuşygy bardy. Ýöne muny geçirmek häzir mümkin däl. Ol özara ylalaşyk esasynda şertnamasyny uzaltmazlyk kararyna geldi. Şeýlelikde, ýeňil agramyň çempionlyk derejesi eýesiz galdy ― diýlip, neşirde ACA-nyň ýolbaşçysynyň aýdanlary getirilýär.

Döwletjan Ýagşymradowa UFC 254 ýaryşyna gatnaşmak üçin häzirki wagtda BAE-de türgenleşýär. Ol UFC-däki ilkinji türkmenistanly bolup biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň