Futzal, Naýbaşy liga ― 2020: «Köpetdag» üç aýlawda soňra ýaryşyň başyny çekýär

14:0224.10.2020
0
4501

Ýurdumyzyň futzal ligasynda 21-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Üçünji aýlawyň jemleýji 21-nji tapgyrynda “Olimpden” 14:1 hasabynda üstün çykan “Köpetdag” topary toplan 55 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär.

“Migrasiýa” bilen duşuşan “Senagatbank” deňlik bilen oňňut etmeli boldy (0:0).

Bu tapgyrdan soň “Senagatbank” 40 utugy bilen ikinji, 38 utugy bolan “Migrasiýa” bolsa üçünji orunlary eýeleýärler.

Tapgyryň beýleki duşuşygynda “Deňizçi” “Serhetçiden” (9:3) üstün çykdy.

“Köpetdag” toparynyň oýunçysy Mülkaman Annagulyýew derwezelere geçiren 44 topy bilen iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdäki orny eýeleýär.

Naýbaşy futzal ligasynyň dördünji aýlawynyň ilkinji tapgyry (22-nji tapgyr) duşuşyklary 30-njy oktýabrda geçiriler.

XXI tapgyryň netijesi:                         

Oýun 81

“Köpetdag”

“Olimp”

14:1

Oýun 82

“Deňizçi”

“Serhetçi”

9:3

Oýun 84

“Senagatbank”

“Migrasiýa”

0:0

 

Ýaryş tertibi:

T/b

TOPARLAR

O

Ý

D

U

T

U

1.

 

KÖPETDAG

21

18

1

2

143-34

55

2.

 

SENAGATBANK

21

12

4

5

106-46

40

3.

 

MIGRASIÝA

21

11

5

5

98-40

38

4.

 

DEŇIZÇI

21

9

5

7

91-55

32

5.

 

GÜMRÜKÇI

20

9

5

6

71-44

32

6.

 

DAÝHANBANK

20

9

3

8

91-68

30

7.

 

SERHETÇI

21

3

1

17

70-169

10

8.

 

OLIMP

21

0

0

21

27-249

0

 

30.10.2020 ý. XXII-tapgyr               

Oýun 85

“Serhetçi”

“Olimp”

10:00

Oýun 86

“Gümrükçi”

“Köpetdag”

12:00

Oýun 87

“Migrasiýa”

“Deňizçi”

14:00

Oýun 88

“Senagatbank”

“Daýhanbank”

16:00

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň