Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanyň daşary işler ministri: Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitini geçirmek baradaky teklibini goldaýarys

21:2023.10.2020
0
10022

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Gyrgyzystanda geçirilmeli üçünji sammiti koronawirus pandemiýasy sebäpli 2021-nji ýyla süýşürildi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow «Yangi Ozbekiston» we «Prawda Wostoka» wostoka gazetlerine beren interwýusynda aýtdy.

Şeýle hem ministr indiki ýyl sammitiň Türkmenistanda geçirilip bilinjekdigi barada habar berdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji oktýabrda özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde   2021-nji ýylda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň maslahatyny geçirmegi teklip etdi.

Kamilow Özbegistanyň bu teklibi goldaýandyklaryny ýene bir ýola tassyklady. Ministriň pikiriçe, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýanyň bäş döwleti üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar we sammitiň yza süýşürilmegi ýurtlaryň bu ugurdaky hereketini haýallatjakdygyny aňlatmaýar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ilkinji sammiti 2018-nji ýylda Nur-Sultanda (Gazagystan), ikinjisi 2019-njy ýylda Daşkende (Özbegistan) geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň