Pele 80 ýaşady

20:2123.10.2020
0
368
Pele 80 ýaşady

Şu gün 23-nji oktýabr. Şu gün futbolyň şasy hasaplanýan Peläniň doglan güni. Ähli zamanalaryň iň ägirt futbolçysy hasaplanýan Pele şu gün 80 ýaşaýar. Doly ady ady Edson Arantis du Nasimento bolan Pele mundan 80 ýyl ozal, has takygy, 1940-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Braziliýanyň Minas-Žeraýs ştatynyň Tres-Korasoýns şäherinde dünýä inýär. 15 ýaşynda professional futbola ädim äden Pele “Santos” hem-de “Nýu Ýork Kosmos” klublarynda oýnaýar. 16 ýaşyndaky milli ýygyndyda oýnap başlan Pele 17 ýaşyndaka Dünýä Kubogyny gazanýar. Taryhdaky Dünýä Kubogyny 3 gezek (1958, 1962, 1970) gazanan ýeke-täk futbolçy bolan Pele öz hasabatlaryna görä, 1363 oýunda 1279 gol geçiripdir. Milli ýygyndyda 92 duşuşykda 77 gol geçiren Pele 3 gezek öýlendi. Onuň 7 çagasy bar. “Santos” bilen Braziliýanyň çempionatynda 6 gezek çempionlyk gazanan Pele Dünýä çempionatlarynda 14 oýunda 12 gol geçirdi, 10 gola-da ýardam asist etdi. 4 Dünýä çempionatynda tapawutlanan Peläni Halkara futbol taryhy we statistikasy federasiýasy geçen asyryň futbolçysy diýip saýlaýar. Şol sanda FIFA hem Diego Maradona ikisini bilelikde geçen asyryň futbolçysy diýip yglan edýär. Braziliýanyň Milli gymmatlygy hasaplanany üçin Ýewropada hiç bir klubda oýnamagyna ygtyýar berilmedik Pele 1995-1998-nji ýyllar aralygynda ýurdunda Sport ministri wezipesinde işleýär. Pele resmi hasabatlara görä, 831 oýunda 767 gol geçirip, bu ugurda 3-nji ýerde barýar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň