Türkmenistan global çökgünlikden soň ykdysady dikeldişi goldamak üçin býujeti ýeterlik döwletleriň hatarynda

16:5923.10.2020
0
528
Türkmenistan global çökgünlikden soň ykdysady dikeldişi goldamak üçin býujeti ýeterlik döwletleriň hatarynda

Türkmenistan Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa sebitinde koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan global çökgünlikden soň ykdysady dikelişi goldamak üçin býujet serişdeleri ýeterlik bolan az sanly döwletleriň hataryna girýär.

Bu Halkara walýuta gaznasynyň hünärmenleriniň “Sebit ykdysadyýetiniň ösüş geljegi” baradaky oktýabr çaklamasynda gelen netijesidir. Bu barada TM Cars habar berýär.
Türkmenistan bilen bir hatarda sanawa Azerbaýjan, Gazagystan, Kuweýt, BAE we Saud Arabystan hem girdi. Beýleki ýurtlarda koronawirus döwlet karzynyň derejesiniň ýokarlanmagyna, býujet mümkinçilikleriniň ýaramazlaşmagyna getirdi.

Býujet serişdeleriniň bolmagy Türkmenistana 2025-nji ýyla çenli ýurduň ösüşi üçin prezident maksatnamasy tarapyndan göz öňünde tutulan ykdysadyýetiň döwlet we hususy pudaklarynyň ösüşini höweslendirmegi dowam etdirmäge kömek eder.

Halkara walýuta gaznasynyň derňew işinde pandemiýa garşy üstünlikli ykdysady çäreler sanalyp geçilýär. Türkmenistan salgytlary yglan etmek we tölemek borçlaryny üstünlikli ýeňilleşdiren, kiçi we orta işewürlik üçin energiýa subsidiýalaryny giňelden, merkezi bankyň üsti bilen döwlet ykdysady taslamalaryny göni maliýeleşdiren döwletleriň sanawyna goşuldy.

Halkara walýuta gaznasy 2020-nji ýylda Kawkazda we Merkezi Aziýada JIÖ-iň ortaça ösüş derejesiniň -2,1% oňyn däl boljakdygyny çaklaýar. 2021-nji ýylda ösüş dikeldiler we 3,9%-e ýeter.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň