“WhatsApp”-da ulanyjynyň hat alyşmagyny gorajak bir aýratynlyk peýda bolar

14:5023.10.2020
0
300
“WhatsApp”-da ulanyjynyň hat alyşmagyny gorajak bir aýratynlyk peýda bolar

Meşhur messendjer  “WhatsApp” ýakyn wagtda ulanyjylaryň maglumatlarynyň gizlinligi bilen baglanyşykly täze aýratynlyga eýe bolar. WABetaInfo-nyň habar bermegine görä, bu ulanyjylaryň ýüzüni tanamak aýratynlygy bolar.

Şeýlelik bilen, “Android” operasiýa ulgamyndaky enjamlar üçin bu programmanyň beta görnüşleriniň birinde ýüz skaneri arkaly girilişiň peýda bolany agzalýar. Şuňa meňzeş funksiýa öň diňe Face ID datçikleri bolan iOS enjamlarynyň eýeleri üçin elýeterdi. 

Bu aýratynlygyň adaty ulanyjylara haçan elýeter boljakdygy, habar berilmeýär.    Emma “Android” smartfonlarynyň köpüsinde şeýle biometrik gulpuň “iPhone” telefonlarnyň derejesinde maglumat goragyny üpjün etmejekdigini nygtaýarlar - Öň kamerasyna esaslanýan “Face Unlock” surat ýa-da şuňa meňzeş adamyň ýüzi bilen aldanyp bilner.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň