Ýewraziýa döwletlerinde «Ýol kartasy» düzgüniniň taslamasy tassyklanyldy

13:5223.10.2020
0
287
 Ýewraziýa döwletlerinde «Ýol kartasy» düzgüniniň taslamasy tassyklanyldy

20-nji oktýabrda Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasynyň Geňeşi Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň çäginde organiki oba hojalyk önümleri üçin umumy bazary döretmek babatda «Ýol kartasy» düzgüniniň taslamasyny tassyklady.

Organiki önümlere bolan global islegiň artmagy bilen, bu tendensiýanyň Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň ýurtlarynda ösmegi we şol ýurtlaryň önümleriniň üçünji ýurtlaryň bazarlaryna çykmagy möhümdir. Hut şunukdaýnazardan hem,  Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine agza döwletler bu ugurda hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunlary kabul etdiler we güýje girizdiler.

«Ýol kartasy» halkara şertnamasynyň taslamasynyň işlenip düzülmegini göz öňünde tutýar, onuň maksady Ýewraziýa ýurtlarynyň organiki oba hojalygy pudagynda şeýle önümleri öndürmegiň, belliklemegiň, sertifikatlaşdyrmagyň we Ýewraziýanyň gümrük çägine import etmegiň tertibine laýyklykda baha beriş resminamalarynyň özara ykrar edilmegini üpjün etmekden ybaratdyr.

Ýewropa Bileleşigi halkara guramalary – Halkara Organiki Oba Hereketleri Federasiýasy we Organiki Oba hojalygynyň Ylmy Gözleg Instituty  bilen gepleşik gurar we Ýewraziýanyň organiki önümleriniň üçünji ýurtlaryň bazarlaryna çykmagy meselesini çözer.

Ýewropa Geňeşiniň Senagat we agrosenagat toplumynyň agzasy (ministr) Artak Kamalýan: «Organiki önümler üçin ýeke-täk bazaryň emele gelmegi, Ýewraziýanyň esasy maksadyna – harytlaryň erkin dolanyşygyna laýyk gelýär we ilkinji nobatda Bileleşigiň içinde özara söwda gatnaşygynyň administratiw ýüküni azaltmaga gönükdirilendir.» – diýip, Geňeşiň buýrugy barada teswir berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň