Bütindünýä boýunça 800 million adam robotlara öz işlerini aldyrdy

12:1823.10.2020
0
1596

Soňky ýyllarda emeli intellekt tehnologiýalarynyň ösmegi bilen, her ugurda diýen ýaly ulanylýan robotlar iş ýüküni ep-esli derejede azaltdy. Netijede bolsa, bu ýagdaý dürli hünärleriň ýitmegine sebäp bolup barýar. Robotlar ýa-da ösen tehnologiýa önümleri, işçi güýjüni talap edýän köp iş ýerlerinde adam zähmetini aradan aýyrdy. 

Täze barlaglara görä, dünýädäki iş ýitgileriniň dörtden bir bölegi awtomatlaşdyryş we robot tehnologiýalary sebäpli ýüze çykýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, bütindünýä möçberinde 800 million adam robotlar zerarly öz kärini ýitirmek howpuna sezewar boldy. Maglumatlarda, Çehiýa, Slowakiýa we Ýaponiýa ýaly ýurtlar awtomatlaşdyryşa iň köp sezewar bolan ýurtlar hökmünde görkezildi. Bu ýurtlarda robotlar zerarly raýatlaryň iş üpjünçilik derejesi has-da pese düşdi.

Awtomatlaşdyryş diňe bir işçi güýjüni talap edýän iş ugurlaryny gysgaltman, eýsem girdejilerdäki deňsizligi hem ýokarlandyrýar. Hünärmenleriň pikiriçe, orta girdejili işlerde emeli intellekti ulanmak pes we ýokary girdejiniň arasyndaky deňsizligi hasam artdyrýar.

Ýaşuly ilatyň köpelýän ýurtlarynda robotlaryň giňden ulanylmagy, oňyn täsir hökmünde görülýär. Sebäbi, Ýaşlardan ýaşuly ilatynyň sany köp bolan ýurtlarda işçi güýjüniň ýetmezçiligi sebäpli robotlaryň ulanylmagy, bu döwletleriň ykdysadyýetiniň ösmegine ýardam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň