Oş şäheriniň «Alaý» futbol topary Gyrgyzystanyň kubogyna mynasyp boldy. Bu barada ýurduň Futbol birleşiginiň resmi saýty habar berýär.
Final duşuşygy 22-nji oktýabrda Kant şäherindäki Merkezi stadionynda geçirildi. «Abdyş-Ata» bilen bolan duşuşykda 1:0 hasabynda ýeňiş gazanan «Alaý taryhynda ikinji gezek bu Kuboga mynasyp boldy. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 36-njy minutda ganaly hüjümçi Kelwin Inkum geçirdi. «Alaý» mundan ozal ýurduň futbol Kubogyna 2013-nji ýylda mynasyp bolupdy.
Bu ýeňişden soňra «Alaýyň» gazanan baýragy diňe bir Kubok däl. Topar 200 müň gyrgyz somuna we indiki ýyl AFK-nyň kubogyna gatnaşmak hukugyna hem eýe boldy. Ýöne topar munuň üçin AFK-dan degişli ygtyýarnamany almaly bolar.