“Irkutlar” Ýere gaýdyp geldi

18:1522.10.2020
0
293
“Irkutlar” Ýere gaýdyp geldi

15-nji oktýabrda Keýt Rubins, Sergeý Ryžikow we Sergeý Kud-Swerçkow atly kosmonawtlary Halkara kosmos bekedine rekord wagtda (3 sagat) elten “Soýuz” kapsulasy ýere gaýdyp geldi. Şondan bäri Halkara kosmos bekedine birigip duran gäminiň Kris Kassidi, Anatoliý Iwanişin we Iwan Wagner dagyny Ýere sag-ama alyp gelendigi habar berildi. 64-nji ekspedisiýanyň agzalaryny kosmosa äkiden gäminiň gaýdyş ugry “Irkutlar” diýlip atlandyryldy. Kosmonawtlar Halkara kosmos bekedinde bolan döwründe degişli maksatnama laýyklykda ylmyň dürli ugurlaryndan onlarça synag geçirdi. Mundan başga-da, ekipaž kosmos bekediniň işleýşiniň dowam etmegini üpjün etdi. Şeýle hem kosmos bekedine ýük gämileriniň alyp baran enjamlaryny oturtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň