TÝL ― 2020: 20-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar

17:4522.10.2020
0
203
TÝL ― 2020: 20-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

20 tapgyrda 3 toparda 20 utuk: Tapgyryň netijelerinden soňra 3 toparyň ― «Aşgabadyň», «Merwiň» we «Nebitçiniň» utuklary 20-ä tegelendi.

5 täze golçy: Tapgyrda 5 futbolçy ― «Nebitçiden» Hemra Gulyýew, «Altyn asyrdan» Gurbangeldi Batyrow bilen Ahmet Ataýew, «Aşgabatdan» Hakmuhammet Bäşimow bilen «Energetikden» Aşyr Jumadurdyýew möwsümdäki ilkinji gollaryny geçirdiler.

85 golçy: Möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 85-e çykdy.

Bir tapgyrda 12 gol: Tapgyrda derwezelere 12 pökgi geçirildi.

211 gol: Möwsümde geçirilen pökgüleriň sany 211-e çykdy.

 

“Şagadam” – “Köpetdag” – 0:0

Birinji aýlawda: 1:0

Ikinji aýlawda: 1:1

Möwsüm boýunça: 2:1.

100-nji deňlik: «Köpetdag» 1992-nji ýyldan bäri 100-nji deňligini gazandy. Toparyň iň köp deňlik bilen oýnan möwsümi 2003-nji ýyldyr. Şol möwsümde «Köpetdag» 10 duşuşykda garşydaşlary bilen deňme-deň oýnapdyr. Çempionatyň ilkinji möwsüminde ― 1992-nji ýylda «Köpetdagyň» geçiren duşuşyklarynyň ýekejesi hem deňlik bilen tamamlanmady.

 

 “Nebitçi” – “Merw” – 2:0

Gollar: 40 Azat Garajaýew (11 m.j.u.), 70 Hemra Gulyýew.

Birinji aýlawda: 0:2

Ikinji aýlawda: 2:1

Möwsüm boýunça: 4:3.

Bir derwezä 30 gol: Duşuşykda Hemra Gulyýewiň geçiren pökgüsi şu ýyl «Merwiň» derwezesine girizilen 30-njy gol boldy.

Ilkinji ädim: Hemra Gulyýew şu duşuşykda Ýokary ligadaky ilkinji pökgüsini geçirdi.

Möwsümiň 200-nji goly: Duşuşykda Azat Garajaýewiň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren pökgüsi çempionatyň şu möwsümindäki 200-nji gol boldy.

Üç duşuşykda-da: Şu möwsümdäki «Nebitçi» ― «Merw» duşuşyklarynyň üçüsinde-de 11 metrlik jerime urgularyndan gol geçirildi. Ýöne ozalky iki duşuşykda bu mümkinçilikden «Merw» (Begenç Alamow) peýdalanypdy.

 

  “Altyn Asyr” – “Aşgabat” – 7:1

Birinji aýlawda: 4:1

Ikinji aýlawda: 1:0.

Möwsüm boýunça: 12:2.

Gollar: 13 Mihail Titow, 38 Ahmet Ataýew, 45, 51 Altymyrat Annadurdyýew, 48 Begenç Akmämmedow, 54 Gurbangeldi Batyrow, 90 Zafar Babajanow ― 65 Hakmuhammet Bäşimow.

100-iň ýarysy: Bu netijeden soňra «Altyn asyr» möwsümde 50 pökgi geçiren ilkinji topar boldy. Hatda «aragatnaşykçylaryň» hasabynda häzir 55 pökgi bar.

Bombardiriň 22-nji goly: Möwsümiň iň netijeli futbolçysy Altymyrat Annadurdyýew geçiren pökgüleriniň sanyny 22-ä çykardy. Şeýlelikde, ol öz karýerasynyň rekordyny gaýtalady. A.Annadurdyýew 2015-nji ýylda «Ahalyň» düzüminde çykyş edýärkä hem 22 pökgi geçiripdi.

80-den aşa gol: «Altyn asyryň» düzümine 2016-njy ýylda goşulan Altymyrat Annadurdyýew şondan bäri toparyň düzüminde diňe Ýokary ligada geçiren gollarynyň sanyny 81-e çykardy. Şeýlelikde, ol 2013-nji ýyldan bäri topar bilen çempionatda iň köp tapawutlanan futbolçylaryň sanawynyň başyny çekýär. Hatda ol ikinji orundaky Süleýman Muhadowdan 18 gol öňde.

Dördünji dubl: Altymyrat Annadurdyýew şu möwsümde dördünji duşuşykda iki gezekden tapawutlanýar.

Ilkinji gol: Hakmuhammet Bäşimow Ýokary ligadaky ilkinji goluny geçirdi.

Möwsümiň rekordyna şärik: 8 golly duşuşyk möwsümde iň kän pökgi geçirilen duşuşyklaryň biri boldy. Mundan öň diňe 10-njy tapgyryň duşuşygynda 8 pökgi geçirilipdi. Täsin tarapy «Şagadam» bilen bolan şol oýunda hem ýeňiji «Altyn asyrdy».

Gol tapawudynda ikinji: Ýeňiji bilen ýeňleniň arasynda 6 gol tapawudy bolan duşuşyk bu görkeziji boýunça möwsümde ikinji orny eýeleýär. Şu möwsümde 14-nji tapgyrdaky «Altyn asyr» ― «Nebitçi» we «Şagadam» ― «Energetik» duşuşyklary 7:0 hasabynda tamamlanypdy.

10-njy gol: «Altyn asyryň» düzüminde çempionatdaky 10-njy goluny geçiren Begenç Akmämmedow topar bilen 2013-nji ýyldan bäri iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda ilkinji 20-lige girdi.

Bir derwezä 550 gol: Bu duşuşykdan soňra Ýokary ligada «Aşgabadyň» derwezesine umumy geçirilen gollar 550-ä tegelendi.

Üç duşuşykda 5 gol: Altymyrat Annadurdyýew toparynyň şu ýyl «Aşgabat» bilen geçiren duşuşyklarynyň üçüsinde-de tapawutlanyp, olarda 5 pökgi geçirdi.

 

 “Ahal” – “Energetik” – 1:1

Gollar: 10 Pirmyrat Sultanow – 67 Aşyr Jumadurdyýew.

Birinji aýlawda: 2:0

Ikinji aýlawda: 5:0.

Möwsüm boýunça: 8:1.

40 utukly ikinji topar: Bu deňlikden soňra «Ahal» möwsümde 40 utuk gazanyp bilen ikinji topar boldy.

Ýokary liga salam: Aşyr Jumadurdyýew Ýokary ligadaky ilkinji goluny geçirdi.

9 ýylda 60 gol: Şahsy hasaplamalarymyza görä, Pirmyrat Sultanow Ýokary liganyň 2012-nji ýyldaky möwsüminden bäri 60-njy goluny geçirdi. Ol şol möwsümden bäri çempionatda iň köp tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda ilkinji 10-luga girýär.

7 tapgyrdan soň utuk: «Energetik» iň soňky utuklaryny 11-nji tapgyrda gazanypdy. Aralykdaky sekiz tapgyrda 7 duşuşyk geçiren «Energetik» olaryň ählisinde ýeňildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň