Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropanyň iň arzan elektrokary

15:5122.10.2020
0
573

Amatly bahaly ulaglary öndürmegi bilen tanalýan “Dacia” kompaniýasy iň arzan elektrokary tanyşdyrdy. “Spring Electric”  atly ulaguň nusgalyk görnüşi şu ýylyň mart aýynda tanyşdyrylypdy. Rumyn brendiniň bu modeliniň köpçülikleýin önümçilige taýýar edilendigi mälim edildi. Ulag bir gezekki zarýady bilen sürülişine we ýoluň ýagdaýyna görä, 225-295 km aralygynda ýol geçýär. Modeliň iň ýokary tizligi 125 km/sagat bilen çäklendirilipdir. Beýleki ulaglaryň köpüsinden az hem bolsa, bu görkeziji şäher içinde sürmek üçin aňryýany bilen ýeterlik. Ulagyň batareýasy bary-ýogy 1,5 sagatda dolýar. SUV görnüşli ulagyň bagažynyň göwrümi 300 litre barabar. Oturgyçlary ýatyrylanda bu görkeziji iki esse ulalaýar. “Spring Electric”-iň öň tarapynda 7 dýuýmlyk multimediýa ekrany ýerleşdirilipdir. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň