“Bawariýa” galan ýerinden dowam edýär

11:5822.10.2020
0
568

UEFA Çempionlar ligasynda “A” toparçada “Bawariýa” galan ýerinden dowam edýär. Olar gorag futboly bilen adygan “Atletiko Madrid” toparyny “Allianz Arenada” 4–0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Her ýarymda 2 gol geçiren nemes klubunyň adyndan Kingsli Koman (28, 72), Goreska (41) hem-de Tolisso (66) tapawutlandy.

Bu duşuşyk “Bawariýanyň” derwezeçisi Manuel Noýeriň klubdaky gol geçirtmezden tamamlan 200-nji duşuşygy boldy. Ol bu ugurda Sepp Maýerden (199 oýun) öňe saýlandy. “Bawariýada” gol geçirtmezden iň köp duşuşygy tamamlan derwezeçi Oliwer Kann bolup, 247 oýunda derwezesini goldan goramagy başardy. Şeýle-de “Bawariýa” Hans Flikiň tälimçiliginde 4 we 4-den köp golly ýeňiş gazanan 20-nji duşuşygy boldy.

Toparçadaky beýleki oýunda “Red Bull Salsburg” bilen “Lokomotiw Moskwa” 1 utukdan paýlaşdy. 2-2 hasabynda deňlikde tamamlan oýunda ýer eýeleriniň adyndan Soboslaý (45) bilen Ýunuzowiç (50), ruslardan Eder (19) bilen Lisakowiç (75) tapawutlandy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň