“Real Madride” Ramossyz ýeňiş gazanmak başardanok

11:3222.10.2020
0
330
“Real Madride” Ramossyz ýeňiş gazanmak başardanok

UEFA Çempionlar ligasynda düýnki duşuşyklarda jemi 27 gol derwezä girizildi. Tapgyryň iň garaşylmadyk netijesi Madrid şäherinde hasaba alyndy. “B” toparçada çykyş edýän kubogy iň köp eýelän “Real Madrid” öz meýdançasynda “Şahtýor Doneskden” 3-2 asgyn geldi. 1-nji ýarymda 3 gol (Tete 29, Waran 33 ö.d., 42 Solomon) geçirden Realyň 2-nji ýarymda görkezen tagallasy ýeňiş üçin ýeterlik bolmady. 2-nji ýarymda Zidanyň şägirtleri Modriç (54) hem-de Winisius Žunioryň (59) gollary bilen hasaby 3-2-ä ýetirdiler. Oýnuň soňky minutlarynda Walwerdeniň goly-da ofsaýt sebäpli hasaba alynmady. Şeýlelikde, Taison, Konoplýanka, Stepanenko, Alan, Ismaili ýaly 10-a ýakyn esasy oýunçylaryny kowid 19 sebäpli Ukrainada goýup, 8 sany 23 ýaşdan kiçi futbolçylar bilen Madride gelen Şahtýor Donesk 3-2 hasabynda ýeňiş gazandy. “Real Madrid” bolsa, Çempionlar ligasynda täze möwsüme şowsuz başlady. Bu olaryň bu ýaryşdaky bassyr 3-nji ýeňlişi boldy. Madridliler Ýewrokuboklarda 1981-nji ýyldan soň, ilkinji gezek yzly-yzyna 3 duşuşykda utuldy. Şeýle-de “Real Madrid” Çempionlar ligasynda kapitany Serhio Ramosyň çykyş etmedik 8-nji duşuşygynda 7-nji ýola ýeňlişe sezewar boldy. Başgaça aýdylanda, “Reala” Ramossyz ýeňiş gazanmak başardanok. Şol bir wagtyň özünde “Real Madrid” 21 ýyldan soň, ukrain toparyndan asgyn geldi.

Toparçadaky beýleki duşuşykda bolsa “Inter” soňky minutlarda ýeňlişden halas boldy. Öz meýdançasynda “Borussiýa M” toparyny kabul eden italýan kluby Lukakunyň gollary (49, 90) bilen 1 utuk gazandy. Nemes toparynyň gollaryny Bensebaini (63 p) hem-de Hofmann (84) derwezä girizdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň