Soňky habarlar

Arhiw

«Huami» şereketi «Amazfit Pop» atly akylly sagadyny 1-nji noýabrda satuwa çykarar

11:1722.10.2020
0
782

«Huami» şereketi Hytaýda geçirilen çäreleriň birinde «Amazfit Pop» atly täze bir akylly sagadyny yglan etdi. Bu sagadyň 1,43 dýuým TFT ekrany bar. Piksel dykyzlygy 305 ppi bolan sagat barmak yzlaryny galdyrmaýan ýörite örtük bilen gelýär.

«Amazfit Pop» atly akylly sagady «Bluetooth 5» goldawy sebäpli iOS we Android enjamlarynda ulanylyp bilner. NFC goldawyna eýe bolan bu sagat, 5 ATM suw basyşyna çydamly bolup, sagady 50 metre çenli hiç hili kynçylyksyz ulanmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, bu akylly sagadyň polikarbonat gurluşly gabarasy we silikon gaýyşlary bar.

«Amazfit Pop» atly akylly sagadyň ajaýyp aýratynlyklarynyň arasynda 60 dürli sport çäresini yzarlamak ukyby bar. Mundan başga-da, bu akylly sagatlar ýürek urşy, gandaky kislorod mukdary we uky yzarlamak ýaly zatlary edip biler. Hünärmenleriň habar bermegine görä, bu akylly sagadyň 225 mAh akkumulýatory ulanyjylara 9 gün ulanmagy teklip edýär. Akylly sagady doly kuwwatlandyrmak üçin 2 sagat gerekdigi aýdylýar.

Akylly sagadyň beýleki aýratynlyklary habarnamalary görkezmek, duýduryşlary we ýatlatmalary düzmek, kamera we aýdym-saz programmalaryna gözegçilik etmek ýaly köp akylly sagatlara mahsus aýratynlyklary öz içine alýar. Takyk sany yglan edilmese-de, 10 dürli ekran ýüzi bolan akylly sagat ulanyjylara 31 gram agramly amatly tejribe hödürlejek ýaly görünýär.

«Huami» şereketiniň maglumatlaryna görä, «Amazfit Pop» atly akylly sagady häzirki wagtda deslapky sargyt usuly boýunça satyn alyp bolýar. Bir aýlaw ululygy we 3 dürli reňk görnüşi bolan bu akylly sagadyň satuwynyň 1-nji noýabrda başlajakdygy mälim edildi. Ýeri gelende aýtsaň, häzirki wagtda deslapky sargyt usuly boýunça öňünden sargyt edenler hem, «Amazfit Pop» atly akylly sagadyny 1-nji noýabrda satyn alyp bilerler. Hytaýly sarp edijiler bu akylly sagady deslapky sargyt usuly boýunça 45 dollara satyn alyp bilerler. 1-nji noýabrdan soň bu baha 52 dollara çenli ýokarlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň