Aşgabatda 45 belgili awtobusyň gatnaw ugry üýtgedi

10:3222.10.2020
0
27595

«Türkmenawtoulaglary» agentligi ilatymyzyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem­de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2020-­nji ýylyň 26­-njy oktýabryndan 45­-nji «Teke bazar — Gökdere» ugry boýunça gatnaýan awtobusyň hereket edýän ugruna üýtgetmeleriň girizilýändigini siziň dykgatyňyza ýetirýär.

45­-nji «Teke bazar — Gökdere» ugry «Gurtly — Gökdere» ugruna üýtgedilýär, şeýle hem bu ugur boýunça awtobus «Gurtly» belleniş nokadyndan ugraýar hem­-de Ruhabat köçesi — Gurbansoltan eje şaýoly — A.Annaýew köçesi — Magtymguly şaýoly — Tähran — Görogly köçeleri — Akdepe harby şäherçesi — Görogly köçesi bilen hereket edip, «Gökdere bazary» nokadyna barýar we yzyna Görogly — Tähran — A.Annaýew köçeleri — Gurbansoltan eje şaýoly — Ruhabat köçesi bilen hereket edip, «Gurtly» belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 28-60-30;­ 28-60-80.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň