Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

23:4921.10.2020
0
4925
Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady topluma gözegçilik edýän orunbasary G.Müşşikowyň, maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Onuň dowamynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň taýýarlanylyşy hakyndaky hasabatlar diňlenildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynda göz öňünde tutulan ýerli býujetleriň görkezijileri hakynda hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 2021-nji ýyl üçin hususyýetçiligi, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, ýurdumyzda önüm öndürilişiniň möçberini artdyrmak, içerki bazarlarda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça zerur çäreler göz öňünde tutuldy.

Şol bir wagtyň özünde döwlet eýeçiligindäki desgalary we kärhanalary hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň paýyny ýokarlandyrmak işleri dowam etdiriler. Salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, döwlet we milli maksatnamalaryň çäklerinde göz öňünde tutulan meýilnamalary ýerine ýetirmek üçin maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemek geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan we ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän anyk işler barada hasabat berdi. Geljek ýylda daşary söwda dolanyşygynyň garaşylýan görkezijileri baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.

Döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň karz serişdelerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, karz edaralaryň hususy we çekilen serişdeleriniň, şol sanda daşary ýurt banklaryndan we maliýe guramalaryndan alnan karz serişdeleriň gönükdirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, hyzmat ediji karz edaralary tarapyndan pudaklara goýberilýän karz serişdeleriň doly we maksada laýyk ulanylyşyna berk gözegçilik ediler.

Wise-premýer G.Müşşikow milletiň Lideriniň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bu resminamalar ykdysady strategiýadan, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan ugur alnyp taýýarlanyldy. Dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyndaky ýagdaý nazara alnyp, pudaklaryň Prezident Maksatnamasynda 2021-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan käbir ösüş görkezijileri olaryň hakyky mümkinçiliklerine we emele gelmegine garaşylýan hasaplamalara laýyklykda kesgitlenildi.

Geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 174,7 milliard manat we ösüş depgini deňeşdirme nyrhlarynda 6,2 göterim derejede göz öňünde tutulýar.

Maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, milletiň Lideri dünýädäki çylşyrymly ýagdaý bilen baglylykda, ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ösüşini goldamaga we 2021-nji ýylda jemi içerki önümiň 6 göterimden gowrak derejede artmagy üçin durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen makroykdysady syýasatyň durmuşa işjeň geçirilmelidigini belledi. Bazar institutlaryny özgertmek esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Maslahatda möhüm meseleleriň ýene birnäçesine seredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň