Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan pudaklara karz bermek üçin daşary ýurt maýalaryny çeker

23:4621.10.2020
0
6243

Türkmenistanda halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň karz serişdelerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, karz edaralaryň hususy we çekilen serişdeleriniň, şol sanda daşary ýurt banklaryndan we maliýe guramalaryndan alnan karz serişdeleriň gönükdirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, hyzmat ediji karz edaralary tarapyndan pudaklara goýberilýän karz serişdeleriň doly we maksada laýyk ulanylyşyna berk gözegçilik ediler. Bu barada Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň goldaw bermeginde döredilýän giň mümkinçiliklere laýyklykda, ykdysadyýetde pul toplumyny hakyky zerurlyga görä düzgünleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, milli bank ulgamynyň işinde halkara tejribäniň häzirki zaman gurallaryny giňden ulanmak meýilleşdirilýär. Hususan-da, dürli görnüşli nagt däl hasaplaşyk amallaryny we hyzmatlaryny ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa häzirki döwürde ýurdumyzyň karz edaralarynda öňdebaryjy tehnologiýalar yzygiderli esasda, işjeň ulanylýar we işgärleriň hünär derejesi ýokarlandyrylýar diýlip hasabat berildi. Durmuşa geçirilýän çäreler nagt däl hasaplaşyklar arkaly ulanmak üçin müşderilere elýeterli mümkinçilikleri üpjün edýär hem-de bank ulgamyna bolan ynamyň ýokarlanmagyny şertlendirýär.

Milletiň Lideriniň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ykdysady strategiýanyň netijesinde daşary ýurtly maýadarlar hem-de karz berijiler üçin goraglylygy we degişli kepillikleri üpjün edýän şertler döredildi.

Munuň özi türkmen bazarynyň özüne çekijiligini artdyrýar hem-de dünýäniň işewür toparlarynyň Diýarymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler taslamalarynyň ýerine ýetirilmegine bolan gyzyklanmalaryny ýokarlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň öňdebaryjy banklary we maýadar kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça işler dowam etdiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň