TÝL ― 2020, 20-nji tapgyr: «Merwi» ýeňen «Nebitçi» utugyny garşydaşy bilen deňledi

20:5321.10.2020
0
4562

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 20-nji tapgyrynda «Nebitçi» Mary şäheriniň «Merwini» kabul edip, garşydaşyny jogapsyz pökgüleriň ikisi bilen ýeňdi.

Duşuşykdaky ilkinji pökgini 40-njy minutda kapitan Azat Garajaýew 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren bolsa, 70-nji minutda ýaş futbolçy hemra Gulyýew Ýokary ligada ilkinji pökgüsini geçirmek bagtyna eýe boldy.

Bu netijeden soňra, toparlaryň ikisinde hem 20 utuk bar. 

 “Nebitçi” – “Merw” – 2:0

Gollar: 40 Azat Garajaýew (11 m.j.u.), 70 Hemra Gulyýew.

Duýduryşlar: 4 Myratberdi Berenow, 25 Alibek Abdurahmanow, 25 Amangylyç Koçumow, baş tälimçi (“Nebitçi”) – 9 Serdar Annamämmedow, 31 Azat Orazmuhammedow, 43 Tirkiş Muhammetberdiýew (“Merw”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň