Soňky habarlar

Arhiw

Ýaş diplomatlar üçin onlaýn okuw başlady

20:3821.10.2020
0
7251

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda “Bitarap Türkmenistan — parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna” mowzugy bilen daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlary üçin onlaýn görnüşdäki üç günlük okuwlar başlandy ― diýip, TDH habar berýär.

Bu okuwlara dünýäniň 13 ýurdundan — Russiýadan, ABŞ-dan, Hytaýdan, Awstriýadan, Türkiýeden, Pakistandan, Günorta Afrika Respublikasyndan, Malaýziýadan, Wengriýadan, Owganystandan, Özbegistandan, Belarusdan, Ermenistandan 30-dan gowrak diplomat gatnaşýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän bu okuwlar oňa gatnaşyjylaryň döwletiň şu özboluşly hukuk derejesi, onuň daşary syýasatyň durmuşa geçirilmegindäki ähmiýeti hakyndaky bilimleriniň artdyrylmagyna gönükdirilendir.

Diplomatik okuwlaryň açylyş gününde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory gutlag sözi bilen çykyş etdi hem-de döwletiň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik gatnaşyklaryny has hem giňeltmäge ygrarlydygyny belledi.

Bu okuwlaryň ýaş diplomatlara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň gazanylmagy babatynda ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň özboluşlylygy hakynda has köp maglumatlary öwrenmäge itergi berjekdigi nygtaldy.

Okuwlaryň birinji gününde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, şeýle hem türkmen diplomatiýasynyň halypalary, biziň ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri çykyş edip, ýaş diplomatlara gullugyň esaslary barada gürrüň berdiler.

Çykyş edenler parahatçylyga, özara düşünişmeklige hem-de deňhukukly döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulmagyna esaslanýan hemişelik Bitaraplygyň ýörelgelerine laýyklykda durmuşa geçirilýän türkmen diplomatiýasynyň we Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özboluşlylygy barada durup geçdiler.

Onlaýn görnüşde leksiýalary okamak üçin diplomatlar, Türkmenistanyň DIM-niň wekilleri hem-de ýurduň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary çagyryldy we olar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň gazananlary barada giňişleýin gürrüň bererler.

Okuwlaryň maksatnamasy giň mazmunlydyr. Onlaýn görnüşde geçirilýän okuwlara gatnaşyjylar türkmen diplomatiýasynyň bilermenlerine özlerini gyzyklandyrýan sowallary berip bilerler. Daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlaryna «Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň taryhy we onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi», «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: ynsanperwerlik ugry boýunça hyzmatdaşlyk», «Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag we ekologiýa diplomatiýasy» hem-de beýleki ugurlar boýunça sapaklar geçiler.

22-nji oktýabrda daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlary üçin okuwlar BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezinde dowam eder we şol ýerde bu merkeziň ýolbaşçylary çykyş ederler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň