Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda diplomatlaryň arasynda sport ýaryşlary geçirilýär

20:2521.10.2020
0
4429

Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesinde diplomatlaryň arasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we Birleşen Milletler Guramasynyň 75 ýyllygyna bagyşlanan iki günlük sport ýaryşlary başlandy. Ýaryşlar sportuň bilýard we uly tennis görnüşleri boýunça geçirilýär.

Sport çärelerine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde adam saglygyna peýdaly täsirini ýetirýän wajyp işler alnyp barylýar. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň