Tatarystandaky türkmen talyplary getiriler

18:4521.10.2020
0
19273

Türkmenistanyň hökümeti ýiti öýken sowuklama keseli sebäpli emele gelen çäklendirmeler zerarly daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlaryny ýurdumyza getirmegi dowam etdirýär.

Ozal hem saýtymyz arkaly beren habarlarymyzdan görnüşi ýaly, Hindistan, Türkiýeden, Belarusdan, Russiýadan, Ukrainadan, Ýewropa Bileleşiginden türkmen raýatlary ýurdumyza getirildi.

Bu ugurda dowam etdirilýän işleriň netijesinde, bu gezek Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan 277 raýatymyz ýurdumyza gelerler. Bu barada “Atawatan-Türkmenistan” internet saýtynda bellenilip geçilýär.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň “Boeing 777-200” kysymly uçary bilen 28-nji oktýabrda Aşgabat-Kazan-Türkmenabat ugry boýunça 277 raýatymyz Türkmenabat şäherine geler. Türkmenabat gelen raýatlarymyz 2 hepdelik hökmany karantin çärelerine tabyn bolarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň