Soňky habarlar

Arhiw

"Ak Tam Bazary" rebrending hyzmatlaryny hödürleýär

18:2121.10.2020
0
3292

Türkmenistanyň ilkinji onlaýn söwda platformasy "Ak Tam Bazary" 2019-njy ýylda döredildi. Iki ýyldan hem az wagtyň içinde bu taslamanyň topary uly üstünlikleri gazanmagy başardy. Ilkibaşda, onlaýn söwda meýdançasy diňe gurluşyk dükanlary üçin döredildi, emma az wagtyň dowamynda bu taslama goşulmak islegi bilen başgada birnäçe kärhanalardan köp sanly teklipler gelip başlady.
Häzirki wagtda, web sahypasyny kämilleşdirmek we  uýgunlaşdyrmak işleri dowam edýär: dizaýnerler we programmistler platformany has döwrebaplaşdyryp, interfeýsini gowulandyrýarlar şeýle-de hyzmatlary we harytlary tapmak we satyn almak prosesini has-da ýeňilleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri döredýärler.

“Biziň maksadymyz “Ak Tam Bazary” onlaýn söwda platformasyny  owadan, oňaýly, ulanmak üçin amatly platforma etmek we bu maksada ýetmek üçin dyngysyz işleri geçirýäris. “Ak Tam Bazary” – islendik haýyşa, gözlegiň başlangyjyndan - ahyrky duralgasyna çenli ähliumumy kömekçisidir” diýip taslamanyň hünärmenleri aýdýarlar.”

Häzirki wagtda 100 önüm toparynda 60.000-den gowrak önüm hödürleýän web sahypada, önümiňizi netijeli hödürläp bilersiňiz.

“Ak Tam Bazary” topary, kärhanalar we telekeçiler üçin logo we mahabat bannerlerini döretmek we söwda platformasynda ýerleşdirmek ýaly rebrending hyzmatlaryny hödürleýär.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň