Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar adam bokurdagynyň ýokarsynda täze bir syna tapdylar

17:5621.10.2020
0
2008

Prostat düwnük keselini öwrenýän alymlar tarapyndan PSMA PET-CT skanerinde synag geçirilende, adamyň bokurdagynyň ýokarky kysmynda tüýkülik dokumalarynyň täze toplumy tapyldy. Bu synanyň tapylmagy, düwnük keselini bejermeklik üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Alymlaryň bellemegine görä, burnuň aňyrsynda tapylan nazofarinks (носоглотка) böleginde mikroskopik we ýaýraýan tüýkülik dokumalary bar.  Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda «Radiotherapy and Oncology» («Radioterapiýa we onkologiýa») žurnalynda çap edilen makalada hem, alymlar tarapyndan bokurdagymyzyň ýokarky böleginde ýüze çykarylan tüýkülik dokumasynyň 3,9 santimetr mikroskopik uzaklykdadygy aýdylýar.

Alymlar, täze tüýkülik dokumasynyň «Torus tubarius» diýilýän gemirçegiň bir böleginde ýerleşýändigi üçin, oňa ««Tubarial» tüýkülik dokumasy» diýen at berdiler. Alymlaryň pikirlerine görä, gürrüňi edilýän tüýkülik dokumalary burnumyzyň we agzymyzyň aňyrsynda galan ýokarky bokurdagyň nemlenmegine jogapkärdir.

Maglumatlara görä, açyş tötänlik netijesinde ýüze çykypdyr. Synaglaryny Gollandiýanyň düwnük institutynda dowam etdiren alymlar, Prostat düwnük keselini barlamak üçin BT skanerlerini we PSMA PET-CT atly pozitron zyňyndy tomografiýasy (PET) skanerlerini ulandylar. PSMA PET-CT skaneri, metastatiki prostat düwnügini anyklamaklykda, diňe bir adaty şekillendirişden has gowy bolmaklyk bilen tapawutlanman, eýsem tüýkülik  dokumalarynyň gurluşyny ýüze çykarmaklykda hem örän oňat işleýär. Hut şu enjamde geçirilen synaglaryň netijesinde hem açyş edildi.

Alymlar bu açyşy tassyklamaklyk üçin 100 hassany barladylar.  Synagyň, esasan prostat düwnügine gönükdirilendigi sebäpli, öwrenilen hassalaryň 99 göterimi erkek adamlardy we  olaryň hemmesinde täze açylan «Tubarial» tüýkülik dokumalary tapyldy. Mundan başga-da, açyş instituta bagyş edilen iki jesetde geçirilen synaglarda goldanyldy.

Tüýkülik dokumasynyň tapylmagy, düwnük keselini bejermeklik üçin örän möhümdir. Bu batada synag geçiren hünärmenleriň biri, radiasiýa onkology Wouter Wogel tarapyndan berlen maglumata görä, düwnük keselini bejermeklik üçin kellä we boýnuna radiasiýa ulanan lukmanlar, tüýkülik dokumalaryny radiasiýa täsir etdirmekden saklanýarlar, sebäbi tüýkülik dokumalary zaýalansa hassanyň ýaşaýyş derejesi gowşaýar.

«Tubarial» tüýkülik dokumalarynyň barlygy şu wagta çenli belli däldi, şonuň üçin lukmanlar düwnük keselini bejermekde bu syna aýratyn duýgurlyk görkezip bilmediler.

Groningen uniwersitetiniň lukmançylyk merkezinde bejergi alýan 700-den gowrak düwnük keselli hassalar  gözden geçirilende, näsaglaryň «Tubarial» tüýkülik dokumalarynyň çäginden radiasiýa sezewar bolanynda zyýanly täsirleriň mukdarynyň köpelendigi anyklandy. Bu açyş düwnük kesellerindäki zyýanly bejergilere has az ýol açar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň