Soňky habarlar

Arhiw

Çempionlar ligasynyň iň ýaşuly tälimçisi

11:5121.10.2020
0
864

Düýn badalga berlen UEFA Çempionlar ligasy täze statistikalar bilen başlady. “Dinamo Kiýew” bilen “Ýuwentusyň” arasyndaky duşuşykda ýer eýesi toparynyň tälimçisi Mirçea Luçesku täze rekord goýdy. Ol Çempionlar ligasynyň taryhyndaky iň ýaşuly tälimçi boldy. 75 ýaşyndaky rumyniýaly hünärmen bu ugurda 72 ýaşynda “Bawariýa” bilen Çempionlar ligasynyň duşuşygyny geçiren germaniýaly Ýupp Haýnkesiň rekordyny täzeledi.  

Pirlo ilkinji tälimçisini ýeňdi

Şeýle-de “Ýuwentusyň” tälimçisi Andrea Pirlo hem tälimçi hökmünde Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygy geçirdi. Onuň ilkinji tälimçisi Mirçea Luçeskunyň toparynyň garşysyna ilkinji duşuşygyny geçirmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. 1995-nji ýylda Luçesku “Breşiýa” toparynyň tälimçisi mahaly Pirlony 15 ýaşyndaka esasy düzümde oýnadypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň