Soňky habarlar

Arhiw

OPPO ilkinji telewizoryny çykardy

11:2921.10.2020
0
646

Smartfon önümçiligi bilen meşgullanýan OPPO kompaniýasy ilkinji telewizorlaryny tanyşdyrdy. TV S1 we TV R1 atly telewizorlaryň birinjisi premium derejesi bilen, beýlekisi amatly bahasy bilen tapawutlanýar. OPPO TV S1-iň 65 dýuýmlyk 4K durulygynda (3840 x 2160 piksel) QLED ekrany bar. Telewizoryň öň tarapynda kamera hem ýerleşdirilipdir. Şeýlelikde telewizory wideojaňlar üçin hem peýdalanyp bolýar. Şeýle hem telewizora “Breeno” atly “kömekçi” ýerleşdirilipdir. 18 sany ses gataldyjysy bolsa ýokary durulykdaky ses bilen üpjün edýär. “MediaTek MT9950” mikroprosessor oturdylan telewizor 8 GB RAM we 128 GB içki ýat bilen üpjün edilipdir. Telewizoryň bir sekuntda açylýandygy mälim edildi. “ColorOS” amaly ulgamynda işleýän telewizor arkaly birnäçe programmadan peýdalanyp bolýar. TV S1 telewizory 1200 dollardan satuwa çykarylar. Kompaniýanyň beýleki telewizorynyň “TV R1” ululygy boýunça 55 dýuým hem-de 65 dýuým görnüşlileri bolar. Telewizor 640 dollar töweregi bahadan satylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň