Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar GDA giňişligindäki daşky gurşaw gözegçiliginiň ähmiýeti barada onlaýn metbugat ýygnagyny geçirdiler

11:2121.10.2020
0
470

20-nji oktýabrda TASS (Sankt-Peterburg) 2020-nji ýylyň 22-24-nji oktýabrynda geçiriljek "GDA giňişliginde gidrometeorologiýanyň we daşky gurşaw gözegçiliginiň häzirki zaman meseleleri" atly halkara ylmy we amaly konferensiýa bagyşlanan onlaýn metbugat ýygnagyny geçirdi. Çäräni Russiýanyň Döwlet Gidrometeorologiýa Uniwersiteti we GDA agza ýurtlaryň Parlamentara Mejlisi gurady.

Metbugat ýygnagyna Russiýa Döwlet Gidrometeorologiýa Uniwersitetiniň rektory Waleri Mihaýew,  GDA agza döwletleriň raýatlarynyň saýlaw hukuklaryna gözegçilik etmek boýunça halkara institutynyň müdiri Iwan Muşket, Russiýa Döwlet Gidrometeorologiýa Uniwersitetiniň ösüş boýunça wise-rektory Denis Leontiýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Almaty sebiti boýunça Döwlet dolandyryş akademiýasynyň professory Sarkytbek Moldabaýew we Russiýa Döwlet Gidrometeorologiýa Uniwersitetiniň Meteorologiýa çaklamalary bölüminiň professory Sergeý Smişlýaýew.gatnaşdy.

Metbugat ýygnagyny açan Waleriý Mihaýew ýakyn wagtda boljak wakanyň örän ýerliklidigini, onda ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleriň gerimini we ähmiýetini belläp geçdi. "GDA giňişliginde gidrometeorologiýanyň we daşky gurşaw gözegçiliginiň häzirki zaman meseleleri" atly halkara ylmy-amaly maslahatyna GDA-nyň sekiz ýurdundan – Azerbaýjan, Ermenistan, Belarussiýa, Gazagystan, Moldowa, Russiýa Federasiýasy, Täjigistan we Özbegistan ýaly döwletlerden 500-den gowrak uniwersitetiň we beýleki bilim edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmak üçin ýüz tutandyklaryny habar berdi.

Iwan Muşket hem ýygnakda çykyş edip, kärdeşlerine daşky gurşawy goramaklyk babatyndaky düzgünleriň GDA agza ýurtlaryň Parlamentara mejlisiniň işiniň esasy ugurlaryndan biridigini ýatlatdy. Daşky gurşaw meseleleri we daşky gurşawy goramak boýunça nusgawy kanunçylyk namalaryny taýýarlamaklyk, GDA-nyň 1992-nji ýylda döredilen Oba syýasaty, tebigy baýlyklar we ekologiýa boýunça hemişelik komissiýasy tarapyndan amala aşyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň