Soňky habarlar

Arhiw

Messi Çempionlar ligasynda täze möwsüme rekord bilen başlady

11:1021.10.2020
0
3777

UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsümine düýn badalga berildi. “Barselonanyň” super ýyldyzy Lionel Messi täze möwsüme-de rekord bilen başlady. Ol toparynyň “Ferenswaroşy” 5-1 (Messi 27 p, Fati 42, Koutinio 52, Pedri 82, Dembele 89 – Haratin 70 p) ýeňen duşuşygynda 27-nji minutda penaltiden tapawutlandy. Şunlukda, Messi UEFA Çempionlar ligasynda yzly-yzyna 16-njy möwsümde-de gol geçirip, Raýn Giggsiň rekordyny gaýtalady. Bu ugurda Kristiano Ronaldo häzirlikçe 14 möwsüm bilen 2-nji ýerde barýar. Şeýle-de Lionel Messiniň Çempionlar ligasynyň çäginde gol geçiren toparlarynyň sany 36-a ýetdi. Ol bu ugurda öz rekordyny ösdürdi. Şol sanda bu duşuşykda 1 gol geçiren Fati hem “G” toparçadaky beýleki oýunda Ýuwentus topary myhmançylykda Dinamo Kiýewi Alwaro Moratanyň gollary bilen 2-0 utdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň