Iň uzyn boýly ýetginjek rekordy täzelendi

10:5121.10.2020
0
1141

Hytaýyň Siçuan welaýatynyň Leşan şäherinde ýaşaýan 14 ýaşly okuwçy oglan Ren Keýu Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy. Ol 2 metr 21 santimetr boýy bilen rekordlar kitabyna girmegi başardy. Ol iň uzyn ýetginjek erkek hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyny adyny ýazdyrdy. Bu ugurda ozalky rekordyň eýesi amerikaly Kewin Bredford bolup, ol 2015-nji ýylda 2,159 metr boýy bilen rekord goýupdy.

Hytaýly Ren Keýunyň enesi agtygy barada: “Ol çagalar bagyna gidende onuň 1,3 metr boýy bardy” diýip, gürrüň berýär. Şeýle-de Keýunyň boýy meşhur hytaýly basketbolçy Ýao Minden )2,26 metr) sähelçe kelte.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň