Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Aziýanyň ösüş banky bilen gatnaşygyny pugtalandyrýar

23:3920.10.2020
0
817

20-nji oktýabrda Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri Aziýanyň ösüş bankynyň “Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” (MASYH) maksatnamasynyň resmi adamlarynyň wirtual mejlisine gatnaşdylar. Gün tertibine 2030-njy ýyla çenli niýetlenilen bu Maksatnamanyň durmuşa geçirilişiniň barşy, köptaraply hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek baradaky meseleler girizildi.

Abraýly halkara guramalar, şol sanda maliýe edaralary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan daşary syýasy ýörelgäniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Biziň ýurdumyz 2000-nji ýyldan bäri AÖB-nyň agzasydyr hem-de geçen döwrüň içinde, şol sanda MASYH-yň çäklerinde energetika, ulag ulgamlary, söwda işlerine ýardam bermek ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça bilelikde üstünlikli işlemegiň tejribesi toplanyldy.

Türkmenistanyň 2018-nji ýylda MASYH Maksatnamasynda ilkinji gezek başlyklyk edendigini bellemek möhümdir. Ýurdumyzyň bu gurama agza bolmagy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýandygynyň gürrüňsiz subutnamysydyr.

Geçirilen onlaýn duşuşyga gaýdyp gelip, saglygy goraýyş ulgamy we 2030-njy ýyla çenli syýahatçylygy ösdürmek boýunça taslama çenli bolan barlaglaryň ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler bolandygyny nygtamak gerek. 2030-njy ýyla çenli Gender strategiýasynyň taslamasy hem mejlise gatnaşyjylaryň garamagyna çykaryldy.

Işleri Aziýada ykdysadyýetiň ösüşini höweslendirmäge gönükdirilen Aziýanyň ösüş banky meýdança hökmünde MASYH-y peýdalanyp, Türkmenistanyň we sebitiň beýleki ýurtlarynyň maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge örän işjeň gatnaşýar. Bank düýpli maýa goýumlar arkaly gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky ysnyşykly hyzmatdaşlygy goldaýar.

Bellenilişi ýaly, bu Maksatnamanyň çäklerinde ileri tutulýan ulgamlarda strategiýalaryň amala aşyrylmagy netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek üçin iri maýa goýumlary çekmäge, Aziýa ýurtlarynyň innowasion taýdan ösüşiniň hil taýdan täze derejesine çykmak üçin sebitleýin gatnaşyklary öňe ilerletmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň