Soňky habarlar

Arhiw

Sagatdaky tizligi 532 kilometre ýetdi

20:3720.10.2020
1
785

“SSC Tuatara” atly ulag “dünýäniň iň ýokary tizlikli ulagy” adyna eýe boldy. Sagatdaky tizligi 532 kilometrden hem geçen ulag 2017-nji ýylda “Koenigsegg Agera RS” modeliniň rekordyny täzeledi. Iňlis piloty Oliwer Webbiň dolandyran ulagy ikitaraplaýyn sürüşde ortaça 508,7 km/sagat tizlige ýetmegi başardy. Täze rekordy goýan ulag şol bir ýolda bir tarapa 484,53 km/sagat, yzyna bolsa 532,93 km/sagat tizlik bilen gitdi. Netijede, Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri tarapyndan iki tarapyň ortaça tizligi alnyp, 508,7 km/sagat diýlip hasaba alyndy. ABŞ-nyň Günorta Newada ştatynda geçirilen synagda ulagyň iň ýokary tizligi 532,9 km/sagada ýeten hem bolsa, Ginnesiň rekordlar kitabynyň düzgünlerine görä, ulagyň şol bir ýolda gidiş-geliş tizliginiň ortaça görkezijisini hasaba alynmaly bolýar. Şol sebäpli ulagyň tizligi 508,7 km/sagat diýlip kabul edildi. Oliwer Webb ulagy has gaty sürmegiň hem mümkindigini, ýeliň ulagyň tizligini peseldendigini aýdýar.

Rekordlar kitabynyň düzgünlerine görä, tizlik rekordyny hasaba aldyrmak üçin ony bir sagadyň dowamynda iki gezek ýerine ýetirmeli bolýar. Ulagyň tizligini ölçemek üçin 15 emeli hemradan, dikuçardan we beýleki enjamlardan peýdalanyldy. Kitabyň iki wekili bolsa, oňa şaýatlyk etdiler. “Koenigsegg Agera RS” ulagyna degişli bolan mundan ozalky rekord 2017-nji ýylda hasaba alnyp, ortaça 447,2 km/sagat, maksimum 457 km/sagat tizlik bilen hereket edipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
maxattmgeology ( 20.10.2020 )

Örän gowy.

0