Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropanyň iň owadan adalary

18:4220.10.2020
0
3034

Dünýä belli syýahatçylyk žurnaly “Conde Nast Traveler” Ýewropanyň iň owadan adalarynyň sanawyny mälim etdi. Sanawda Gresiýanyň Folegandros adasy 1-nji ýeri eýeledi. Kiklad adalarynyň bir bölegi bolan bu adada 1456 adam ýaşaýar. Egeý deňzinde ýerleşýän bu adadan soň 2-nji ýerde Zakintos adasy bar. Gresiýanyň adasy bolan Zakintos Iýon deňzinde ýerleşýär. Özüne mahsus halkara aeroporty hem bolan ada hemişe diýen ýaly jahankeşdeler barýar. Sanawda öňdäki 3-nji orny-da grekleriň başga bir adasy Girit adasy eýeleýär. Ol Ortaýer deňzindäki 5-nji uly adadyr.  4-nji ýerde Horwatiýanyň Hwar adasy bolup, Adriýatik deňzindäki bu adada 11103 adam ýaşaýar. Ýerli ilatyň iň esasy girdeji çeşmesi ekerançylyk, balykçylyk hem-de syýahatçylyk bolup durýar. 5-nji basgançakda-da grek adasy bolup, ol dünýä belli Mikonos adasydyr. Granit daşyndan emele gelen ada ýerli ilatyň hem-de syýahatçylaryň iň köp gezelenç edýän ýerleriniň biridir.

6-njy orunda başga bir grek adasy – Skiatos bolup, ol Egeý deňzinde ýerleşýär. Bu adada 6 müňden gowrak ilat ýaşaýar. 7-nji ýerde Italiýanyň Işkiýa adasy bar. Ol Napoli şäherinden 30 kilometr uzaklykda ýerleşýär. 8-nji orny eýeleýän adanyň ady Malýorka adasydyr. Ispaniýanyň iň uly adasy bolan Malýorkada 861 müň 430 ilat ýaşaýar. Ibiza, Minorka ýaly adalary özünde jemleýän Malýorka her ýyl 21 million töweregi jahankeşde barýar. Žurnalyň mälim eden sanawynda Türkiýeden hem bir ada bar. Ýurduň iň uly 3-nji adasy Bozjaada sanawda 9-njy ýeri eýeleýär. Gresiýanyň Paros adasy sanawy jemleýän soňky adadyr. Egeý deňzindäki bu adada 13 müň 715 adam ýaşaýar.

1. Folegandros – Gresiýa

2. Zakintos – Gresiýa

3. Girit – Gresiýa

4. Hwar – Horwatiýa

5. Mikonos – Gresiýa

6. Skiatos – Gresiýa

7. Işkiýa – Italiýa

8. Malýorka – Ispaniýa

9. Bozjaada – Türkiýe

10. Paros – Gresiýa

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň