Gazagystan türkmen akylly telewizorlary bilen gyzyklanýar

18:2220.10.2020
0
14682

Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçisi Erkebulan Sapiýew, ýurdumyzda öňdebaryjy elektronika öndürijisi  bolan Aşgabadyň “Aýdyň gijeler” kärhanasyna baryp gördi.

Gazagystanyň ilçihanasynyň resmi web sahypasynda aýdylşyna görä, taraplar Aýdyň gijeler kärhanasynyň önümlerini Gazagystan bazaryna iberilmegi meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-hem Gazagystanda önümçilik desgasyny açmak mümkinçiligi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Aýdyň gijeleriň” Baş müdiri Hydyrberdi Abdyrahmanow kärhananyň taryhy, önümçilik desgalary we önüm ýygnamak tapgyrlary barada jikme-jik aýdyp berdi şeýle hem kärhananyň geljek üçin öňde goýulan meýilnamalary bilen paýlaşdy.

Kärhana  Aşgabadyň öňki "Türkmenkabel" zawodynyň çäginde döredildi. Kärhananyň ösüşine we döwrebaplaşdyrmaga ep-esli serişdeler goýuldy. 

Zawodyň çäginde ussahanalaryň we meýdançalaryň düýpgöter durkuny täzelemek işleri geçirildi, gurnama liniýalary oturdyldy, sanitariýa zolaklary, elektron böleklerini ýygnamak üçin arassa otag we beýleki ýerler enjamlaşdyryldy.

Saparyň dowamynda Gazagystanyň diplomaty telewizorlary Smart TV platformasy we içindäki IP týuner bilen ýygnamak prosesi bilen tanyşdy.

Ýakyn wagtda sarp edijilere LCD ekranly we 4K UltraHD durulykly üç model : 32 we 42 dýuým ekranly “Tolkun” , 55 dýuým diagonally “Zemin” telewizorlarynyň hödürlenjekidigi bellenip geçildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň