Arhiw

14 milliard ýewrolyk ýaryş

16:3420.10.2020
0
955

Şu gün başlanjak UEFA Çempionlar ligasynda toparlaryň düzümindäki oýunçylaryň transfer bazaryndaky bahalaryna seredeniňde iň gymmat klub Angliýanyň “Liwerpul” toparydyr. Transferler baradaky habarlary, maglumatlary bilen tutuş dünýäde belli nemes internet saýty “Transfermarkt”-yň bellemegine görä, UEFA Çempionlar ligasynyň şu möwsüminde çykyş etjek 32 klubuň futbolçylarynyň umumy bahasy 14,02 milliard ýewro deňdir. Ýaryşda 1 milliard ýewrodan ýokary gymmaty bolan klublar bilen bir hatarda, UEFA-nyň soňky ýyllarda ýola goýýan saýlama tapgyrlary esasynda gatnaşmaga hukuk gazanan ujypsyzja býujetli toparlar hem çykyş eder.

2 milliard ýewro azaldy

Tutuş dünýäni gaplap alan kowid 19 pandemiýasy sebäpli maliýe babatda dürli kynçylyklary başdan geçirýän klublaryň azda-kände ýitgä sezewar bolandygy hasabatda bellenilýär. Toparlaryň oýunçylaryň umumy bahasy geçen ýylkydan 2 milliard ýewro möçberinde azalandygy habar berilýär. Geçen ýyl ýaryşa gatnaşan klublaryň umumy gymmatynyň 16 milliard ýewrodygy, “Real Madrid”, “Barselona”, PSŽ hem-de “Ýuwentus” toparlarynyň-da iň köp ýitgi çeken toparlardygy bellenilýär. Ady agzalan bu klublaryň öňdäki 3-siniň bahasy geçen ýyl 1 milliard ýewrodan geçýärdi. Ýöne häzirki degerleri 900 million ýewrodan hem az.

Düzümindäki futbolçylaryň bahasy iň ýokary bolan klub 2019-njy ýylyň çempiony “Liwerpul” toparydyr. Olaryň deger 1,1 milliard ýewro deňdir. 1,08 milliard ýewro möçberinde degeri bolan başga bir iňlis topary “Mançester Siti” 2-nji ýeri eýeleýär. Transfer bazarynda 878,5 million ýewrolyk futbolçylary bolan “Barselona” topary 3-nji orunda barýar.

Soňky orunda “Ferençwaroş”

25 ýyldan soň, Çempionlar ligasynda 2-nji gezek çykyş etmäge hukuk gazanan wenger kluby “Ferençwaroşyň” bahasy 24,2 million ýewro deňdir. Olar bu ugurda 32 klubuň arasynda soňky orny eýeleýärler. Ilkinji gezek gatnaşýan Daniýanyň “Midtýullann” (42,05 million ýewro) hem-de Russiýanyň “Lokomotiw” (83,85 million ýewro) toparlary soňky üçlükdäki beýleki klublardyr.

Iň gymmady – Kilian Mbappe

32 toparyň futbolçylarynyň arasynda transfer bazaryndaky bahasy iň ýokary bolan futbolçy PSŽ-niň fransuz ýyldyzy Kilian Mbappedir. 21 ýaşly futbolçynyň transfer bahasy 180 million ýewro deňdir. Mbappeniň ýeke özi bu görkeziji bilen 11 topardan öňde barýar. Mbappeden soň 128 million transfer bahasy bolan braziliýaly topardaşy Neýmar bilen “Mançester Sitiniň” iňlis ýyldyzy Rahim Sterling 2-3-nji ýerleri eýeleýärler.

 

1. Liwerpul (Angliýa) - 1,1 milliard ýewro

2. Mançester Siti (Angliýa) - 1,08 milliard ýewro

3. Barselona (Ispaniýa) – 878,5 million ýewro

4. Bawariýa (Germaniýa) - 874,65 million ýewro

5. PSŽ (Fransiýa) – 858,75 million ýewro

6. Real Madrid (Ispaniýa) – 855 million ýewro

7. Çelsi (Angliýa) - 838,9 million ýewro

8. Mançester Ýunaýted (Angliýa) – 799,85 million ýewro

9. Atletiko Madrid (Ispaniýa) – 735,5 million ýewro

10. Ýuwentus (Italiýa) – 690,2 million ýewro

11. Inter (Italiýa) – 685,1 million ýewro

12. Borussiýa Dortmund (Germaniýa) - 587,25 million ýewro

13. Leipsig (Germaniýa) – 514,58 million ýewro

14. Atalanta (Italiýa) – 372,95 million ýewro

15. Lasio (Italiýa) – 361,7 million ýewro

16. Sewilýa (Ispaniýa) – 348,9 million ýewro

17. Borussiýa M (Germaniýa) – 313,38 million ýewro

18. Aýaks (Niderlandlar) – 286,15 million ýewro

19. Porto (Portugaliýa) – 251,35 million ýewro

20. Renn (Fransiýa) – 240,5 million ýewro

21. Olimpik Marsel (Fransiýa) – 228,45 million ýewro

22. Zenit (Russiýa) – 172,7 million ýewro

23. Klub Brýugge (Belgiýa) – 144,2 million ýewro

24. RB Salsburg (Awstriýa) – 144 million ýewro

25. Şahtýor Donesk (Ukraina) – 134,8 million ýewro

26. Krasnodar (Russiýa) – 114,83 million ýewro

27. Dinamo Kiýew (Ukraina) – 100,25 million ýewro

28. Olimpiakos (Gresiýa) – 96,3 million ýewro

29. Istanbul BŞ (Türkiýe) – 86,15 million ýewro 

30. Lokomotiw (Russiýa) – 83,85 million ýewro

31. Midtýullann (Daniýa) – 42,05 million ýewro

32. Ferençwaroş (Wengriýa) – 24,25 million ýewro

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň