Soňky habarlar

Arhiw

“Nokia” geçirijisiz gulaklygyny tanyşdyrdy

16:3120.10.2020
0
670

“HMD Global” kompaniýasynyň garamagyndaky “Nokia” brendi zarýady 40 sagada ýetýän geçirijisiz gulaklygyny tanyşdyrdy. Gerek bolan ýagdaýynda geçirijili hem ulanyp bolýandygy sebäpli bu enjam has uly ýeňillik döredýär. “Nokia Essential” atly gulaklyk indiki aýdan başlap, dünýäniň dürli ýurtlarynda satuwa çykarylar. “Bluetooth 5.0” goldawy bolandygy üçin elektron enjamlaryň birnäçesine birikdirip bolýar. Şeýle hem, “Google Asisstent” we “Siri” ýaly kömekçiler bilen hem sazlaşykly işleýär. Agramy 197 grama deň bolan enjam ulanmak üçin örän amatly hasaplanýar. Diňe bir reňkli görnüşi bolan enjamyň bahasynyň 70 dollardygy mälim edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň