“Facebook” şereketi Instagramda işewürler üçin aýratynlyk hödürleýär

16:0020.10.2020
0
816
“Facebook” şereketi Instagramda işewürler üçin aýratynlyk hödürleýär

“Facebook” şereketi kärhanalaryň isleýän “Messenger API” programmasyny Instagrama birleşdirýär. Häzirki wagtda ýapyk beta tapgyrynda alnyp barylýan synaglar kärhanalar bilen sarp edijileriň arasynda Instagram aragatnaşygyny güýçlendirer. Awtomatiki jogap ulgamynyň kömegi bilen, sarp ediji başdan geçirýän meselesiniň çözgüdini aňsatlyk bilen tapyp biler.

Bütindünýä jemgyýetçiliginiň elektron metbugat boýunça ägirt şereketi hasaplanýan  “Facebook” kompaniýasynyň  hyzmatlaryny birleşdirmek syýasaty eýýäm belli bir hakykat. Bu ugurda hiç hili ädim ätmeýän kompaniýa öz işlerine täzelik goşdy. Kompaniýa, ýygy-ýygydan kärhanalar tarapyndan ulanylýan “Messenger API” programmasyny Instagram üçin elýeterli etdi. Bu ýagdaý, Instagramda täze döwrüň başlajakdygyny görkezýär.

“Facebook” kompaniýasy  “Messenger API” programmasyny Instagram üçin elýeterli etmeklik bilen, kärhanalara awtomatiki jogap bermäge mümkinçilik döretdi. Häzirki wagtda ýapyk beta görnüşinde bolan bu aýratynlyk geljekde ähli kärhanalar üçin elýeterli bolar.

“Facebook” şereketiniň Instagram bilen birleşdirjek “Messenger API” programmasy kärhanalara awtomatiki habarlary döretmäge mümkinçilik berer. Şonuň netijesinde-de, önümçilik kärhanalary sarp edijiler bilen derrew habarlaşyp bilerler. Özbaşdak düzülen habarlar köp kärhanalar üçin möhüm artykmaçlyklary hödürlär. Bu bolsa, Instagramyň kem-kemden elektron söwda platformasyna öwrülmeginiň tebigy netijesidir.

“Facebook” kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, “Messenger API” programmasyny Instagrama birikdirmeklik işewürleriň müşderi aragatnaşyk ulgamlaryny gowulandyrar. Şeýlelik bilen, kärhanalar beýleki iş platformalary ýaly Instagramda-da hünär ulgamyna duş gelerler. 

Instagrama birleşdirilen “Messenger API” programmasy häzirki wagtda käbir kärhanalar bilen işjeň synagdan geçirilýär. Bu kärhanalaryň arasynda “Adidas”, “H&M”, “Sephora”, “Amaro”, “Nars”, “Maýkl Kors” we “Glossier” ýaly meşhur şereketler bar. Ýeri gelende aýtsak, bu aýratynlygyň ýapyk beta prosesiniň näçe wagt dowam etjekdigi we ähli kärhanalaryň bu hyzmatdan haçan peýdalanyp biljekdigi entek belli däl.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň