Soňky habarlar

Arhiw

“Google Play Store” bilen “App Store”-dan programmalary ýükläp alýanlaryň sany kesgitlenildi

15:3220.10.2020
0
1061

Şu ýylyň üçünji çärýeginde “Google Play Store” bilen “App Store” dükanlaryndan programmalary ýükläp alýanlaryň umumy sany yglan edildi.

Bütindünýäde täsirli “COVID-19” ýokanç keseli sebäpli internet ulanylyşy ep-esli artdy. Bu ýagdaý “Google Play Store” we “App Store” dükanlaryndan programma ýükläp alýanlaryň sanynda hem öz beýanyny tapdy.

Sensor Tower tarapyndan neşir edilen hasabata görä, şu ýylyň üçünji çärýeginde “Google Play Store” bilen “App Store”-dan jemi 36,4 milliard programma ýüklenilip alyndy.

“App Store”-dan 8,2 milliard programma ýüklenildi, “Google Play Store”-dan hem 28,2 milliard programma ýüklenildi.  Netijede bolsa, “Google Play Store”-dan  “App Store” garanyňda üç esse köp programma ýüklenildi.

2020-nji ýylyň üç çärýeginiň jemini hasaplanyňda, “Google Play Store”-dan  80,6 milliard programma ýüklenildi. “App Store”-dan bolsa 26,6 milliard programma ýüklenildi.

Iň soňky maglumatlara görä, dünýäniň takmynan 75 göterimi “Android” telefonlaryny ulanýar. “Android” dükanyndaky programmalaryň we oýunlaryň sany bolsa “App Store”-dan ep-esli köpdür.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň