Soňky habarlar

Arhiw

Saud Arabystanly zenan suratkeşi kofe boýagy bilen surat çekmek arkaly rekordlar kitabyna girdi

15:1020.10.2020
0
1614

Saud Arabystan döwletinden Ohud Abdullah Almalki atly suratkeş 4,5 kilogram köne kofeni ulanyp, jemi 220 inedördül metr surat çekdi.

Almalki rekord derejede üstünlik gazananyndan soňra eden çykyşynda: “Suraty tamamlamaklyk üçin 45 gün gerek boldy. Şol bir wagtyň özünde iki adam işe şaýat boldy we wideo ýazgy enjamlary arkaly ýazga alyndy.

Maksadym iki ýurduň arasyndaky köp asyrlyk dostluk gatnaşygyny sungat eseriniň üsti bilen dünýä ýaýmakdan ybaratdy.” – diýip belledi.

Arap dilinde "dokalan" manysyny berýän "Nasik" atly eserde Saud Arabystany döwletiniň ilkinji şasy Abdulaziz ibn Saud bilen Birleşen Arap Emirlikleri döwletiniň esaslandyryjysy Şeýh Zaýed Bin Sultan al-Nahaýýanyň keşbi şekillendirilen. 

Işleriniň netijesinde Almalkiniň ýeke özi rekordlar kitabyna girdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň