“Canon” 250 MP durulygyndaky sensoryny tanyşdyrdy

11:4820.10.2020
0
1166

Ýaponiýanyň “Canon” kompaniýasy 250 MP durulygynda surata alýan APS-H sensoryny tanyşdyrdy. Köp maksatly sensor reňkli hem-de monohrom görnüşleri satuwa çykarylar. Reňkli sensor LI8020SAC, monohrom sensor LI8020SAM diýlip atlandyrylar. 250 million pikseli bolan ultra ýokary durulykly CMOS sensor ulanyjylar üçin has ýokary hilli suratlar düşürmäge ýardam eder. Bu sensory düz panellerde, senagatda barlag işleri geçirilende, wideoýazgy etmekde, sanly arhiw, mikroskop ýaly dürli ugurlarda ulanyp bolar. Sensoryň düşürýän suraty 4K-dan 30 esse ýokarydyr.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň